Gyzyl adam, ýaşyl gün, gök it… Çagalar aşa bilesigeliji bolup olar çäksiz hyýal edýärler. Adatça, çagalar öz söýýän adamlarynyň suratlaryny çekende halaýan reňklerini ulanýarlar. Iň esasy zat bolsa olar ulanýan reňkleri we çyzgylary bilen ene-atalaryna psihologiki habarlar berýärler.
Çagalar haçan reňkleri saýgarmaga başlaýarlar? Maglumatlara görä, çagalar 4-5 ýaşa ýetenlerinde reňkleri saýgaryp başlaýarlar. Bu ýaşdan soň reňkleri has pikirlenip ulanyp başlaýarlar.
Gyzlar oglanlara garanyňda reňk saýlamaga aýratyn ähmiýet berýärler. Käbir çagalar gyzyl, mämişi we sary ýaly reňkleri saýlasa, köpüsi gök we ýaşyl ýaly sowuk reňkleri saýlap biler. Bilermenler ýyly reňkleri saýlaýan çagalaryň has aram we mähirli, sowuk reňkleri saýlaýan çagalaryň bolsa gödek we agressiw garaýyşlarynyň bardygyny anyklapdyrlar.
Çagalaryň suratlarynda ulanýan reňkleri bilen emosional täsirleriniň arasynda baglanyşyk bar. Çünki olar halaýan suratlaryny çekenlerinde ýyly reňkleri, halamaýan suratlaryny çekende bolsa sowuk reňkleri ulanýarlar.
- Gyzyl: suratlardaky gyzyl reňk batyrgaýlygyň, energiýanyň, ýigrenjiň, güýçliligiň ýa-da haýsy-da bolsa bir keseliň beýany bolup biler.
- Gülgüne: bu reňk gyzyldan has täsirlidir. Ol asudalygy we bagty aňladýar.
- Mämişi: bu reňki köp ulanýan çagalar giperaktiw ösüşe ýykgyn edýärler.
- Sary: reňkiň agdyklyk etmegi, çaganyň asuda, gujurly we gowy görýän zatlaryna ygrarlydygyny görkezýär.
- Gök: ynam duýgusyny aňladylmasydyr. Çagalar suratlarynda bu reňki has köp ulanýarlar. Bu reňkden peýdalanýan çagalaryň aglabasy duýgularyny dolandyrmakda hiç hili kynçylyk çekmeýärler.
- Ýaşyl: geçirilen gözlegleriň netijesine görä, bu reňki suratlarynda köp ulanýan çagalaryň öz-özüne ynamlydygy we duýgularyna gözegçilik edip bilýändigi anyklanylypdyr.
- Gyrmyzy: jogapkärçilik duýgusy bolan, özleri däl-de, başgalar tarapyndan dolandyrylýan köplenç bolsa asuda gahrymanlary aňladýar.
Mubarek HUDAÝBERDIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçisi.