SliderŽurnalistiň sahypasy

Magtymgulynyň döredijiligi we ýewropaly alymlar

27-04-2024 / 30

Dost-doganlyk gatnaşyklaryň netijesinde Ýewropa ýurtlary hem Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar. Magtymgulynyň filosofiki many-mazmuna ýugrulan goşgularyny beýik iňlis dramaturgy Wilýam Şekspire deňemek bilen iňlis alymy Braýan Oldis şahyra goýýan hormatyny mälim edipdir: «Iňlislerde meşhur Wilýam Şekspire deňelen ýekeje şahyr bar. Ol — Magtymguly».

Iňlis alymlary, edebiýatşynaslary irki döwürlerden bäri Magtymgulynyň döredijiligine uly gyzyklanma bildiripdirler. Olar Magtymgulyny öwrenmäge çemeleşende, ilki bilen, türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny, ýaşaýyş aýratynlyklaryny öwrenipdirler. Magtymgulynyň iňlis dilinde çykan goşgular ýygyndylarynyň biri 1995-nji ýylda «The Collected Poems of Makhtumkuli» ady bilen Beýik Britaniýada neşir edilipdir. Kitapda şahyryň 40 sany goşgusynyň iňlis diline terjimesi, giriş, soňlama we düşündirişli sözlük ýerleşdirilipdir. Magtymgulynyň döredijiligi bilen ilkinji gyzyklananlaryň biri polýak alymy we ýazyjysy Aleksandr Hodzko-Boreýkodyr. 1804 — 1891-nji ýyllarda ýaşap geçen jahankeşde XIX asyryň 30-njy ýyllarynda Orta Aziýa syýahat edende, «Görogly» eposyny hem-de Magtymgulynyň goşgularyny ýygnap, alyp gidipdir. Ol Magtymgulynyň goşgularynyň birnäçesini iňlis diline terjime edipdir. 1842-nji ýylda Londonda Magtymgulynyň gysgaça terjimehalyny hem-de 3 sany goşgusyny iňlis dilinde çap edip, ilkinji bolup türkmen şahyryny bütin dünýä tanadypdyr. «Men Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiri bilen duýgulanyp, «Şahyr Magtymguly» atly saz eserini döretdim. Magtymguly meniň ýürek törümde ýaşaýar, ol — ylham çeşmäm» diýmek bilen, iňlis kompozitory Gilbert Biberýan hem Magtymgulynyň döredijiliginiň ynsan ruhunda öçmejek yz galdyrýandygyny belläp geçipdir.

Magtymgulynyň döredijiligi nemes edebiýat ylmynda hem görnükli orun almagy başarypdyr. Görnükli nemes alymlary tarapyndan Magtymgulynyň paýhasa ýugrulan goşgulary birnäçe gezek nemes diline terjime edilipdir. «Nemes halky Gündogar edebiýatyna uly gyzyklanma bildirýär. Meniň özüm I.W.Gýotäniň «Gündogar äheňlerini», Tomas Mannyň «Ýusup we onuň doganlary» atly ajaýyp romanyny okanymdan soň, Gündogar edebiýatyna içgin girişip ugradym. Maňa beýik türkmen şahyry Magtymgulyny okamagy maslahat berdiler. Okadym, onuň durmuşyna, filosofik pikirlerine haýran galdym. Magtymguly — dünýä edebiýatynda ajaýyp bir dünýä. Ol dünýäniň esasy güýji — seni özüne bendi eýleýänliginde we ahlakly ýaşaýşa ugrukdyrýanlygynda» diýmek bilen, belli nemes ýazyjysy Willi Bredel Magtymgulynyň sungat älemine tagzym edipdir.

Magtymgulynyň edebi mirasyny toplamakda, öwrenmekde we okyjylara ýetirmekde uly işler bitirenleriň ýene-de biri 1832 — 1913-nji ýyllarda ýaşap geçen, XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa syýahat eden wenger alymy Arminiý Wamberidir. Ol türkmen topragyna gelen döwründe Magtymgulynyň poeziýasyny ýygnaýar, ykjam öwrenýär we 1879-njy ýylda Leýpsig şäherinde «Türkmenleriň dili we Magtymgulynyň diwany» diýen makalasyny çap etdirýär. Wamberi bu makalasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada maglumat berýär. Şahyryň 31 goşgusyny tutuşlygyna, 10 goşgusyny bolsa bölekleýin türkmen hem nemes dillerinde çap edýär. Wamberi: «Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysy örän gyzykly. Onda, bir tarapdan, türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar» diýip, Pyragynyň şygyrlaryndaky pikir-ideýalaryň has inçe berilýändigini nygtapdyr.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri diňe bir iňlis, nemes, fransuz alymlary tarapyndan däl-de, eýsem, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň alymlary tarapyndan hem pelsepe mekdebi hökmünde öwrenilipdir. Görnükli moldowan ýazyjysy Lidiýa Hlib: «Moldowan edebiýatynyň nusgawy şahyrlary ýaly, Magtymguly hem öz döredijiliginde adama we onuň arzuw-hyýallaryna esasy orun beripdir. Munuň özi beýik nusgawy şahyryň Moldowanyň XVIII asyrdaky realistleri bilen bir pikir-duýgudadygyny görkezýär» diýip, şahyra ýokary baha beripdir.

Balkan MYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Rus, gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 303-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu