Habarlar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi

25-04-2024 / 3

24-nji aprelde — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisine gabatlanyp, sergi guraldy. Onda behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk, zergärçilik sungatynyň eserleri, fotosuratlar görkezildi.

Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.

Ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen forumyň gün tertibine birnäçe meseleler, şol sanda assosiasiýanyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri, oňa täze agzalary kabul etmek, ahalteke atçylygyny ösdürmek we ony halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak bilen bagly meseleler girizildi. Mundan başga-da, degişli guramaçylyk meselelerine garaldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu