Wagtal-wagtal garaşýan zatlarymyz lapykeçlik bilen gutarýar ýa-da garaşýan zatlarymyz gapma-garşy gelýär. Şol bir wagtyň özünde köp ýerde bolmak isleýäris. Adamlar garaşyşymyz ýaly hereket etmeýärler, wakalar isleýşimiz ýaly bolup geçmeýär. Şeýle ýagdaýlarda çydamly bolup bilýän adamlaryň häsiýeti bar:
Içerki gözegçilik merkezi – bolan adamlar wakalara, ýagdaýlara ýa-da adamlara ünsi jemlemän, içerki gözegçiligi saklamaga synanyşýarlar. Dolandyryş daşky hadysalar bilen emele gelýän ýagdaý däldir. Duýgular, pikirler we özüňi alyp baryşlar içerki gözegçilik merkezi bilen doly baglanyşykly. Ýagdaýlar üýtgese we garaşmalar amala aşmasa-da, içerki gözegçilik merkezi bolan adamlar üýtgäp biljek ýagdaýlaryna ünsi jemleýärler we üýtgedip bilmejek zatlary bilen baglanyşykly kyn ýagdaýlary özlerine degişli etmeýärler. Meýilnamalaryny üýtgedip, bolmak isleýän, ýöne bolmajak ýagdaýlara aňsatlyk bilen uýgunlaşyp bilerler.
Daşky gözegçilik merkezi bolan adamlar, nädogry zatlar üçin başka adamlary günäkärleýärler. Adamlary, wakalary, ýagdaýlary, şertleri, munuň sebäbi bolup geçýän zatlary görýärler. Ýene-de bir usul, üýtgedip bilmeýän zatlary üçin başgalary günäkärlemekdir. Özüne gözegçilik edip bolmaýan zatlary üýtgetmäge mejbur edýär. «Näme üçin beýle boldy? Bu nädip bolup biler? Asla mümkin däl» ýaly sözlemleri eşidýäris.
Ýagdaýlar biziň gözegçiligimizde bolmasa, içerki gözegçilikdäki adamlar muňa düşünýärler we duýgularyny, pikirlerini we özüni alyp barşyny sazlaýarlar. Beýleki bir tarapdan, daşky gözegçilik meýdanyndaky adamlar munuň manysyny aýdýarlar we emosional we pikirleniş hereketlerini şoňa görä düzgünleşdirýärler. Bu köplenç adamyň duýgularyny başga bir zadyň gözegçiliginde goýmagy aňladýar.
Kerim ESENOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.