Häzirki wagtda onlaýn platformada emeli aň tarapyndan döredilen modelleriň arasynda dünýädäki ilkinji gözellik bäsleşigini geçirmeklik üçin ýüztutmalar kabul edilip başlanyldy. Bu barada «rbc.ru» habar berýär.
Eminler «Miss emeli aň» adyna eýe boljak dalaşgärleriň daşky görnüşlerine, awtorlarynyň hünär derejesine hem-de modelleriň sosial ulgamlardaky meşhurlygyna baha bererler. Bäsleşigiň emin agzalary bolup emeli aň blogerleri we telekeçiler çykyş ederler. Guramaçylaryň ýaryşa gatnaşmak üçin hakyky adamlaryň suratlaryny ýa-da dipfeýki kabul etmeýändikleri habar berilýär – dalaşgärleriň hemmesi neýroulgam tarapyndan döredilmelidir. Maglumatlara görä, gözellik bäsleşiginiň umumy baýrak gaznasy 20 müň dollar bolar. Bäsleşigiň ýeňijisi 5 müň dollar baýrak, 3 müň dollarlyk maslahat beriş programmasy bilen birlikde 5 müň dollarlyk PR goldawyny eýe bolar. Bäsleşigiň laureatlary şu ýylyň 10-njy maýynda mälim ediler.
Bägül MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.