23-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde sähra şertlerinde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň 60 kilometrlik menzili oňa gatnaşan 20 bedewiň içinden iň çydamlylaryny saýlady.
Atly ýörişe Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan 10, Halkara ahalteke atçylyk toplumyndan 5 we Milli atly sport merkezinden hem 5 bedew gatnaşdyryldy. Iki tapgyrda geçirilen bäsleşigiň dowamynda eminler topary atlaryň bellenilen menzili gysga wagtda geçip bilmek ukybyna, çydamlylyk derejesine, şeýle hem çapyksuwarlaryň atlary ussatlyk bilen erk edip bilişlerine baha berdiler.
Bäsleşigiň pellehanasyna ikinji bolup Tyllanur diýen gara at geldi. Hoşgeldi Toýlyýewiň seýislän we çapan bedewi bellenilen aralygy 1 sagat 37 minut 15 sekuntda geçmegi başardy. Üçünji orna seýis Orazmuhammet Orazmuhammedowyň taýýarlan Mertebe diýen aty mynasyp boldy. Ol bellenilen aralygy 1 sagat 56 minut 9 sekuntda geçdi. 2017-nji ýylda doglan dor ata Baýmuhammet Orazmuhammedow çapyksuwarlyk etdi.
Baş baýraga mynasyp bolan çapyksuwaryň baýragy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimde belleniljek gününde dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
«TürkmenGazet».