SliderTrend we gözellik

Geýinmegiň edebi

23-04-2024 / 567

Türkmen halky müňýyllyklaryň taryhynda özüniň milli däp-dessuryny, edebini ýitirmän gelipdir. Şol däp-dessurlaryň we edepleriň biri hem göze gelüwli geýinmekdir.

Adamzat özüniň ýaşaýan dürli döwürlerinde egnine eşik geýmek düzgünini kämilleşdiripdir. Gadymy döwürden bäri egin-eşikleriň dürli görnüşleri, ýagny sowukdan we yssydan goranmak üçin galyň, ýuka, ýakymly, amatly egin-eşikleri döretmegi başarypdyrlar. Çünki ynsan üçin iýmek-içmek nähili zerur bolsa, geýinmek hem şonça derejede zerurdyr. Onda-da geýinmek ýöne bir adat bolman, eýsem, jemgyýetde sada, owadan, gelşikli egin-eşikleri geýmek amatlydyr. Sebäbi egin-baş, onda-da gelşikli geýlen eginbaş adamy göze gelüwli görkezýär.

Adamyň geýnişine baglylykda, ol onuň gylyk-häsiýetini aýan edýär. Adamyň işeňňirligini-ýaltalygyny, arassalygyny-hasylygyny geýnişiniň üsti bilen bilmek bolýar. Isle erkek bolsun, isle-de zenan geýen eşigi tämiz, gelşikli bolsa, adamyň öz işine jür, işeňňir, arassa adamlygyny aňmak bolýar. Tersine, adamyň egnine geýen eşigi özüne has giň, dar, kelte, uzyn bolup biçüwi ýerine düşmedik bolsa üstesine-de tämiz däl bolsa, onda ol adamyň ýaltalygyny aňladýar. Şonuň üçin adam hemişe sada egin-başlary göze gelüwli we arassa geýinmäge çalyşmalydyr. Türkmenlerde geýinmegiň edebi esasan zenan maşgalalara degişlidir. Çünki maşgalanyň ýaşuly-ýaşkiçisiniň, erkek adamlaryň, çagalaryň ähli arassaçylygy, üstesine-de öýüniň arassaçylygy öý bikesi bolan zenanlaryň gerdenine düşýär. Diýmek, köpçülikde we jemgyýetçilik ýerlerinde egin-başlaryň arassalygy diňe şol adamyň däl-de, eýsem maşgaladaky gelin-gyzlaryň edebini hem kesgitleýär.

Türkmenlerde geýimleriň reňkini saýlap almak ýaş aýratynlygyna we tebigy-howa şertlerine bagly bolupdyr. Ýaşuly erkek adamlar köplenç ak nah matadan eşikleriniň üstünden garma don, agar çäkmen geýipdirler. Ýaş ýigitler bolsa gyrmyzy don geýipdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toý-baýramlarda gyz-gelinlerimiziň we ýigitlerimiziň geýýän egin-eşikleri gülzarlygy ýadyňa salýar, gözüňi dokundyrýar.  Türkmen halky özüniň milli däbine, ynanjyna, diline, egin-eşigine uly hormat goýýar. Şonuň üçin hem biziň gadymy milli gymmatlyklarymyz nesilme-nesil dowam etdirilip gelinýär.

Tejen HANOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu