Siziň üçin...Slider

Magtymgulynyň döredijiligi: sanlar we maglumatlar

23-04-2024 / 52

Magtymguly Pyragynyň aýry-aýry eserleri we şahyryň özi hakda ilkinji maglumatlar XIX asyryň birinji ýarymynda dürli dillerde çap edilip başlandy. 1842-nji ýylda Gündogary öwreniji alym Aleksandr Hozdko Magtymgulynyň üç şygryny we onuň özi baradaky gysgajyk maglumaty Londonda iňlis dilinde neşir etdiripdir. Onuň seýrek golýazmalary Beýik Britaniýanyň döwlet muzeýinde saklanylýar.

* * *

Kazan we Sankt-Peterburg uniwersitetleriniň professory I.N. Berýozin «Turesskaýa hrestomatiýa» («Türk hrestomatiýasy») atly üç jiltlik kitabynda Magtymgulynyň bir goşgusyny türkmen dilinde arap elepbiýinde çapdan çykarypdyr. Onuň yz ýanyndan F. Bakulin «Pesni u turkmen i ih poet Mahtumkuli» («Türkmenlerdäki aýdymlar we olaryň Magtymguly şahyry») ady bilen şahyryň özi hakda maglumat berip, onuň iki goşgusyny rus dilinde ýaýradýar. F. Bakulin Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen rus okyjylaryny ilkinji gezek tanyş edenleriň biri bolupdyr.

* * *

Budapeşt uniwersitetiniň professory Arminiý Wamberi 1879-njy ýylda Germaniýanyň Leýpsig şäherinde asyl nusgasynda we nemes terjimesinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň 31-sini dolulygyna, 9-syny bölekleýin görnüşde žurnalyň üsti bilen «Türkmen dili we Magtymgulynyň diwany» ady bilen ýaýradýar.

* * *

N.A.Ostroumow Daşkentde 1907-nji ýylda Magtymgulynyň birnäçe goşgularyny arap elepbiýinde türkmen dilinde, 1911-nji ýylda bolsa aýratyn kitapça edip çapdan çykardýar.

* * *

Mirzahyt Mirsytdyk oglunyň çapa taýýarlan «Otuz iki tohum kyssasy we Magtymguly» atly kitaby 1911-nji ýylda Daşkentde neşir edilýär. 1912-nji ýylda bolsa, Abdyrahman Nyýazy tarapyndan Magtymgulynyň 45 goşgudan ybarat bolan şygyrlar diwany Astrahanda çapa taýýarlanylýar.

* * *

Meşhur alymlar W. Uspenskiý bilen W. Belýaýew XX asyryň 20-nji ýyllarynda bagşy-sazandalaryň dilinden ýazyp alan aýdym-sazlaryny «Türkmen sazy» diýen kitaby arkaly ýaýradypdyrlar. Bu kitapda Magtymgulynyň halk aýdymlaryna öwrülen goşgularynyň ençemesi ýanynyň nota ýazgylary bilen ýerleşdirilipdir.

* * *

Andreý Globanyň «Pesni narodow SSSR» («SSSR halklarynyň aýdymlary») atly ýygyndysy 1935-nji ýylda Moskwada çapdan çykypdyr. Bu ýygyndynyň başynda türkmen bölümi ýerleşdirilip, ol Magtymgulynyň rus diline terjime edilen «Soňudagy» atly goşgusy bilen açylypdyr. A. Globanyň bu terjimesi hem-de taýýarlan ýygyndysy Magtymgulynyň goşgularynyň XX asyrda rus dilinde ýaýradylan nusgalarynyň ilkinjileriniň biri bolupdyr. Şeýle hem «Tworçestwo narodow Turkmenistana» («Türkmenistanyň halklarynyň döredijiligi») ady bilen Moskwada 1936-njy ýylda türkmen hem-de beýleki käbir halklaryň edebiýat we folklor eserleri çap edilipdir. Ýygyndyny çapa taýýarlan G.I.Karpow we N.F.Lebedew Türkmenistanyň medeni hazynasy bilen rus okyjylaryny tanyş edipdirler. Bu kitabyň başynda Magtymgulynyň «Öňi-ardy bilinmez», «Durasyň geler» goşgulary ýerleşdirilipdir.

* * *

1941-nji ýylda Aşgabatda «Mahtumkuli. Izbrannyýe stihi» («Magtymguly. Saýlanan goşgular») ady bilen kitapça çap edilipdir. Kitapça P.G.Skosyrewiň «Türkmenleriň nusgawy şahyry Magtymguly» atly makalasy bilen açylýar.

* * *

Rus şahyry, professor G.Şengeli Magtymguly Pyragy hakynda birnäçe maglumatlary aşgabatly alymlardan öwrenipdir. Onuň öwrenen maglumatlarynyň esasynda 1945-nji ýylda Moskwada «Mahtumkuli Fragi. Izbrannyýe stihi» («Magtymguly Pyragy. Saýlanan goşgular») atly kitap çap edilipdir. Bu ýygyndynyň başynda Ý.E.Bertelsiň Magtymguly baradaky makalasy ýerleşdirilipdir.

* * *

1948-nji ýylda «Mahtumkuli Fragi. Izbrannyýe stihi» («Magtymguly Pyragy. Saýlanan goşgular») atly ýene-de bir ýygyndy Moskwada çapdan çykypdyr. Magtymguly Pyragynyň rus dilinde ýaýradylan bu diwany şahyryň eserleriniň köpüsini öz içine alypdyr. Magtymgulynyň bu ýygyndysynda ady belli rus şahyrlary M.Tarlowskiniň, A.Tarkowskiniň, G.Şengeliniň terjime eden şygyrlary ýerleşdirilipdir.

* * *

Rus ýazyjysy P.G.Skosyrew «Mahtumkuli. Stihotworeniýa» («Magtymguly. Goşgular») atly kitaby çapa taýýarlapdyr we ol kitap 1949-njy ýylda Sankt-Peterburgda çap edilipdir. Kitapda şahyryň onlarça goşgy-gazallary öz ornuny tapypdyr.

* * *

Özbek terjimeçisi J. Şaripow Magtymguly Pyragynyň eserlerini özbek diline terjime edipdir we onuň bu işi 1958-nji ýylda Daşkentde «Mahtumkuli» («Magtymguly») ady bilen çap edilipdir. Kitabyň ahyrynda bolsa sözlük ýerleşdirilipdir we şahyryň goşgularyndaky sözlere düşündiriş berlipdir.

Laçyn BABAJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ŷyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu