Siziň üçin...Slider

«Gepleýän» kitaplar

21-04-2024 / 5

Innowasion tehnologiýalaryň durmuşymyza barha ornaşmagy netijesinde müşgilimizi ýeňilleşdirýän serişdeler has köpelýär. Mysal üçin, audio kitaplaryň kömegi bilen bir wagtyň özünde dürli ýumuşlary bejerip, hemem dürli eserlerden lezzet alyp bolýar. Audio kitap – adyndan belli bolşy ýaly, haýsydyr bir edebiýatyň, eseriň sesli göçürmesidir. Şeýle görnüşli kitaplara häzirki wagtda bütin dünýäde isleg artýar.

Ulagda barýarkaň, adaty kagyz kitaplary okamagyň saglyga zyýanlydygyny aýdýarlar. Bu babatda audio eserler hiç hili mesele döretmeýär. Köpçülikleýin transport serişdelerinde, sport bilen meşgullanýan wagtymyz, ýatmazymyzdan öň ýa-da öýde işe gümra wagtymyzda, birine garaşanymyzda hem-de şular ýaly köp ýagdaýlarda audio kitaplar bize iň ýakyn hemra bolup biler. Şeýle kitaplar wagtymyzy tygşytlamaga-da ýardam edýär.

Käbir sebäplere görä kitap okamak mümkinçiliginden mahrum bolan ynsanlar we çagalar üçin bu kitaplar hakyky sowgatdyr. Audio kitaplaryň taryhyna nazar salsak, aslynda, olar geçen asyryň ikinji çärýeginde görüş mümkinçiligini ýitiren adamlar üçin döredilipdir. 80-nji ýyllarda bolsa, günbatar ýurtlarynda çap edilýän adaty kitaplar bilen birlikde, audio eserlerine hem «çap etmek» mümkinçiligi berlipdir. Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň meşhur neşirýatlarynda audio kitaplary döredýän bölümler hereket edýär.

Audio kitaplar bize giň mümkinçilikleri açýar. Uzak wagt kitap okamak gözümizi ýadadýar, oňurgamyzyň nädogry şekillenmegine täsir etmegi hem ahmal. Sesli kitaplar bolsa şeýle ýagdaýlaryň öňüni alýar. Olar, esasan, çagalar üçin peýdalydyr. Sesli formatdaky ertekili kitaplary diňlemek arkaly çaganyň eşidiş duýgusy ösýär, söz baýlygy artýar, dogry okamagy, sözleri dogry aýtmagy öwrenýär. Onuň gözýetimi giňäp, kitaba bolan gyzyklanmasy artýar. Audio edebiýatlar daşary ýurt dillerini öwrenmegimize hem kömek edýär.

Käbirleri: «Audio kitaplar ukymy tutdurýar» diýýärler. Diýmek, olar eseri hereketsiz ýagdaýda diňleýärler. Audio kitaplary diňlemegiňem kadalary bar. Eger eseriň dowamlylygy iki sagada barabar bolsa, biz ony bir günüň dowamynda dörde bölüp, diňläp bileris. Eger diňläp oturan wagtymyzda ýazgy ukyňy getirse, ony zoraýakdan diňlejek bolmagyň ähmiýeti ýok. Şeýle ýagdaýda arakesme bermeli. Şowhunly sazlary, aýdymlary diňläp, ýene eseri dowam edip bileris. Aslynda, bilermenler sesli kitaplary oturan ýeriňde diňlemegi maslahat bermeýärler.

Käbir sesli kitaplar şol eseriň awtory tarapyndan okalýar. Awtordan başga hiç kimiň sözlere gerekli äheňi berip bilmeýändigi tebigy ýagdaýdyr. Bu bolsa esere has gowy düşünmegimize täsir edýär. Eseriň mazmuny bilen sazlaşykly berilýän dürli sesleriň (ýagyş sesi, ýyldyrymyň çakmagy, guşlaryň jürküldisi we ş.m) hem ähmiýeti uly. Olary eşidenimizde, eserdäki wakalar göz öňümizde janlanyberýär.

Maral JORAÝEWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu