Siziň üçin...Slider

Buhgalteriýa – gadymy kär

20-04-2024 / 9

Buhgalteriýa düşünjesi gadymy Müsürde döräpdir. Hat ýazmak üçin olar papirusdan we palçykdan peýdalanypdyrlar. Häzirki wagtda peýdalanýan hasap ulgamymyz XV asyrda döräpdir.

Bäş müň ýyl mundan ozal hojalyk ykdysadyýetinde hasaplamalaryň bolandygyny taryha ser salanyňda görüp bolýar. Olar hasaby düwünleriň, taýagyň we süňkleriň ýüzündäki kertikler bilen hasaplapdyrlar.

XV asyrda italýanlar emläk we salgyt gözegçiliginiň aýratyn bir ilat ýazuwyny geçirýärler. Şonda salgyt ýygnaýjylar öýme-öý aýlanyp, biri-birine gözegçilik edipdirler. Bu täzelik häkimiýet tarapyndan düzgün bozulmalardan gaça durmak,  ýygnalan zatlardan haýsydyr birini almak we almak synanyşygyny azaltmak maksady bilen oýlanyp tapylypdyr. Ýygymçylaryň her biri öz kitabyny döredip, işiň we salgyt ýygnamagyň neti-jelerini ýazypdyrlar. Netijede, iki ýygymçynyň ýazgylary düzgün bozulmalar sebäpli köplenç gabat gelmändir. Şeýlelikde, «iki buhgalteriýa» diýen düşünje ýüze çykypdyr.

Dünýädäki ilkinji resmi buhgalter Kristofer Steçer (XV asyr) hasaplanylýar. Ol Insbruk hasaplaýyş palatasynda kätip bolup işläp, soňra buhgalter wezipesine bellenilýär. Buhgalter wezipesinde zähmet çekýän işgärlere XV asyra çenli kätip diýlipdir.

Häzirki zaman buhgalteriýasynda zenanlar agdyklyk edýär. Statistiki maglumatlara görä, aýallaryň 80%, erkekleriň 20% buhgalter bolup işleýärler.

Selbi ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu