Habarlar

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

19-04-2024 / 7

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurduň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi.

Dabaranyň başynda gatnaşyjylara ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Çäräniň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasyna Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk dilindäki neşirleri sowgat berildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu