Eýsem, has ajaýyp bolmak üçin marka egin-eşikleri geýmek hökmanymy?
Käbir adamlar geýýän zatlarynyň markalary bilen stili kesgitlemekde uly ýalňyşlyk goýberýärler. Bu moda ýa-da stil hakda diňe baha belliklerini nädip okamalydygyny bilmekden başga zatlar üçin däl. Moda dünýäsiniň hödürleýän güýjüni we ylhamyny ýitirýär, şeýle-de, adamyň içki dünýäsini we pozisiýasyny görkezmeginiň öňüni alýar.
Moda – bu söz ulanman global habar ibermegiň ýeke-täk usulydyr. Stil modanyň şiwesi bolup, öz stilini döretmek üçin wagt, güýç we akyl gerek.
Moda taryhynyň dowamynda Audrey Hepburn, Greýs Kelli, şa gyzy Diana ýaly gözel zenanlar, Frank Sinatra, Humfri Bogart, Jeýms Din ýaly gelşikli jenaplar, Iwes Sankt Laurent, Kristian Dior, Gabrielle Şanel ýaly ýatdan çykmajak dizaýnerler bilen duşuşýarys. Bu nyşanlaryň ählisi bize bir zatlary öwredýär. Emma wagtyň geçmegi bilen moda geçýär, stil galýar. Aslynda nähili geýinmelidigiňizi başgalardan öwrenip bilmersiňiz.
Çünki başga adamlaryň stili bilen özüňize täze bir stil döredip bilmersiňiz. Başgalardan näme geýmelidigini öwrenip bilmersiňiz, ýöne dogry saýlamagy welin öwrenip bilersiňiz. Gresiýaly filosof Epiktet: «Ilki näme boljagyny özüňden sora, soňra etmeli zadyňy et». Öz stiliňize eýe bolmakdaky ilkinji sapak, moda taryhyna ýazyljak häzirki tendensiýalary we ugurlary tapawutlandyrmakdyr.
«TürkmenGazet».