Habarlar

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda açyldy

17-04-2024 / 4

Şu gün — 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny has-da artdyrjak Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» gazeti habar berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşmak üçin Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýakynyndaky awtobana girilýän menziliň golaýyndaky meýdança bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, köp sanly işewürler hem-de welaýatyň ýaşaýjylary garşylady.

Awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabardyr. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünýär. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär.

Açylyş dabarasynyň dowamynda Awstriýanyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň ugurdaş kompaniýalarydyr guramalary tarapyndan döwrebap awtobanyň Tejen — Mary böleginiň halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikatlar gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu