«Forbes.ru» nyň habar bermegine görä, geýlen egin-eşik bazary 2023-nji ýylda 18% ösüp, adaty bölek satuw söwdasynyň ösüş depgininden ep-esli öňe geçmegi başardy.
Maglumatlara görä, 2023-nji ýylda ikinji el bazarynyň dolanyşygy 197 milliard dollara ýetip, bu görkeziji 2022-nji ýylyň görkezijisinden 18% köp. Hünärmenleriň çaklamalaryna göz aýlasak, 2028-nji ýyla çenli bu görkeziji 350 milliard dollara çenli artyp hem biler.
Ikinji el eşikleriniň meşhurlygy birnäçe faktorlar, şol sanda bahasynyň elýeterliligi bilen kesgitlenýär. Ozal geýilen eşikleri satyn almak çykdajyny azaldýar. Ikinji el bazarynyň ösüşi, esasanam, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda aýdyň göze görünýär. Ýagny 2023-nji ýylda görkeziji 11% ösüp, 43 milliard dollara ýetipdir.
«TürkmenGazet».