HabarlarTehnologiýa

«Deep South» superkompýuteri işe giriziler

17-04-2024 / 166

Häzirki wagtda Awstraliýanyň Halkara neýromorf ulgamlar merkezi neýromorf hasaplaýyş pudagynda täze ädim boljak «Deep South» superkompýuterini işe girizmegi meýilleşdirýär.

«Deep South» adaty elektronikadan tapawutlylykda, maglumatlary saklamagy we işlemegi birleşdirip, beýniniň netijeliligini görkezip biler. Mundan başga-da, superkompýuter adam beýnisinden 2000 esse çalt işläp, sekuntda 228 trillion amaly ýerine ýetirmegi başarar.

Eýsem, bu superkompýuteriň döredilmegi alymlara diňe bir adam beýnisiniň işleýşine has çuň düşünje bermek bilen çäklenmän, newrologiýa kesellerini öwrenmek üçin hem täze mümkinçilikleri döreder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu