SliderTrend we gözellik

Ýylyň iň stil zenanlary

15-04-2024 / 510

«Gazeta.ru» -nyň habar bermegine görä, «New York Post» neşiri 2024-nji ýylyň iň stile laýyk geýinýän meşhur ýyldyzlarynyň sanawyny hödürledi. Neşiriň taýýarlan sanawynda ilkinji orny Golliwudyň meşhur aktrisasy Emma Stoun eýelemegi başardy.

Emma Stoun «Poor things» filminde ýerine ýetiren keşbi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy. Şeýle-de, stilistler «Barbie» -niň ýyldyzy Margo Robbini hem ýatdan çykarmadylar. Ol egin-eşikleri we aksessuarlary saýlamakda özboluşlylygy bilen tapawutlanmagy başardy.

Sanawda «kino dünýäsine goşan goşandy we gaýtalanmajak stili» üçin aktrisalar Dawaýn Joý Rendolf, Florens Pýu, Amerika Ferrera, Lili Gladstoun, Sandra Hýuller hem-de Greta Li görkezildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu