Siziň üçin...Slider

Bagty çüwen adam

15-04-2024 / 66

«Pedagogika» grek sözi bolup, çagany elinden tutup ýöredýärin diýen manyny aňladypdyr. Häzirki zaman pedagogikasynyň gysga, umumy we dogry kesgitlemesi – çagany terbiýelemek baradaky ylymdyr. Bu ýerde «terbiýe» sözi giň manyda ulanylyp, ol bilim bermegi, okatmagy, ösüşi öz içine alýar. Durmuşda ösüp gelýän ýaşlara terbiýe bermekde tejribe toplan ussat adamlaryň döremegi pedagogika ylmynyň peýda bolmagyna getiripdir.

Ýörite taýýarlygy bolan, pedagogiki iş bilen meşgullanýanlara “mugallym” diýilýär. Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” atly romanynda mugallymy bagty çüwen adam hökmünde belläp geçýär we ol “öz döwründe-de, geljekde-de öçmejek yz galdyrýar. Bu babatda mugallymdan bagty çüwen ýok. Çünki olaryň sepen tohumlary döwürdeşleriniň, soňra olaryň nesilleriniň ynsan mertebesinde mynasyp orun alýar…” diýip beýan edýär. Her bir adamyň durmuşy bilen bagly başga bir hünäri göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Ýerine ýetirilýän işleriň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr diýsek ýalňyşmarys. Mugallymçylyk aýratyn hormatly kärdir. Durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň ertir nähili boljakdygy şu günki mugallymlaryň işiniň netijesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz “Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” eserinde: “Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr” diýip ýazýar.

Gadymy Gresiýanyň akyldarlary Sokrat, Platon, Demokrit, Aristotel öz işlerinde köp sanly pedagogiki pikirleri öňe sürüpdirler. Gündogaryň akyldarlary hem öz işlerinde pedagogiki pikirleri beýan edipdirler. Muňa Ýusup Has Hajyp Balasagunly, Mahmyt Kaşgarly, Keýkowus, Muhammet Gazaly, Abu Reýhan Biruny, Ýunus Emre, Möwlana Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlary we alymlary mysal hökmünde bellemek mümkindir.

Mundan asyrlar öň ýaşan, has takygy, XI — XII asyrlaryň beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren “Ýagşyzadalaryň bahary” atly eserinde: “Bilim kyndyr, sowatsyzlyk bolsa ondanam kyndyr” diýip belläp geçipdir.

Hakykatdan-da, bilim her bir döwletiň we halkyň ykbalyny, geljegini kesgitleýän örän möhüm şertdir. Her bir ynsan üçin ylym öwrenmekden beýik zat ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly eserinde jaýdar belleýşi ýaly: “Bilimli, köp ugurdan baş çykarýan, oňat terbiýeli mugallym diňe okuwçylar üçin däl, eýsem hemmeler, her bir adam üçin mugallymdyr”.

Bibisoltan KERJAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu