14-nji aprelde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ABŞ-nyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen konsertde ýerine ýetirilen aýdymlar iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejelere çykýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Konserte ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, aýdym-sazyň muşdaklary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. ABŞ-nyň akapella toparyndan Adriana Latonionyň, Lisa Hawkinsiň, Molly Dieniniň aýdan aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Olar “Sweet Caroline”, “I Wanna Be Like You”, “Under the Sea”, “Hey Jude” ýaly amerikan aýdymlaryny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplar topary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Sungat ussatlarynyň çykyşlary diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen konsert iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ajaýyp waka bolup, diňleýjilerde ýakymly täsirleri galdyrdy.
«TürkmenGazet».