Göwün küýsegiSlider

Ýaşa hem-de söý!

14-04-2024 / 108

AÝDYM

Aýdym aýdypdyň birmahal,
Menem oňa baş yrapdym.
Tans oýnardym keýijek deý,
O wagtlar ýaşyrakdym.

Böküp durandyr böwregim,
Tapmazdyň men deý gülegi.
Gaýyp ýörse-de notalar
Tutup bilmändim olary.

Maýyl bolup owazyňa,
Sabalarda hiňlenerdim.
Aýdym bolup durdy dünýä,
Ýöne ony kim bilerdi..

Nagmalar ýolum baglasa,
Hoş labyzna sülmürärdim.
Güller ýaýyp barlygyňda,
Sähel gitseň süllererdim.

Soň hiç köwlenmediň asyl,
Geçen şemaldan soradym.
Söndi ahli umytlarym,
Şol gün ymykly guradym.

Saklajak bolup durmazdym
Göräýsemem gaýdanyňy.
Gaýdyp hiç kim aýdyp bermez
Senin aýdan aýdymyňy.

MENIŇ ŞYGARYM

Bilýän kynçylyklaň bolanny ýöne,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Soň bu günler gaýdyp gelermi näme,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Bilýäň, boldy bizde ne ajap söýgi,
Käte şatlyk boldy, käte-de gaýgy,
Çümseňem görünmez ummanlaň düýbi,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kä kyn düşdi ýykylyp soň aglamak,
Şer işleriň ýollaryny baglamak,
Ne derkar, gamlanyp özüň aldamak,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kim çekip bilipdir jahan ahyny,
Sen diňleme baýguşlaryň gohuny,
Ähli zatlar geçýän eken ahyry,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Bir ömür-gapyňda bir nahal ekmek,
Garaňka göz ýumup, ak ertä bakmak,
Nämä gerek ýersiz ýere gam çekmek,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kim sen? Bakylygyň mizany biler,
Köne tanşyň bir gün salama geler,
Özüňi gynama, bolany bolar,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Suraý BABANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu