«Forbes.ru» -nyň habar bermegine görä, meşhur sport harytlaryny öndüriji bolan «Adidas» geçen ýylyň jemleri boýunça ýitgi çekdi. Bu ýagdaýyň 1992-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolandygyny aýtmak bolar.
2023-nji ýylyň jemleri boýunça onuň arassa ýitgisi 14 million ýewro, dowam edýän amallardan maliýe ýitgileri 58 million ýewro ýetdi. Bilşimiş ýaly, geçen ýyl «Adidas» 638 million ýewro arassa girdeji gazanandygyny mälim edipdi.
Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda «Adidas» bilen amerikaly hip-hop aýdymçysy Kanye Westiň «Yeezy» brendiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýatyrylmagy görkezijileriň peselmeginiň esasy sebäbi bolup durýar. Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, brendiň önümleriniň galan paýnamalary «öz gymmatyna» satylýar.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylda «Adidas» 500 million ýewro girdeji gazanmagy meýilleşdirýär.
«TürkmenGazet».