12-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýdyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 9-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ykrarnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde-de BMG bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtap, hemmeleri bu şatlykly habar bilen tüýs ýürekden gutlady.
Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.