Fransiýanyň «Gaumont» kinostudiýasy teletomaşaçylar üçin meşhur «Gucci» moda brendiniň döredijileri we eýeleri hakynda serial çykarar.
Uly ses getirjek bu taslamanyň üstünde tanymal maşgalanyň wekilleri işlär. Olar meşhur garyndaşlary bilen baglanyşykly wakalar barada öz garaýyşlaryny-da hödürlemek isleýärler.
«Biz Jorjo Gucciniň we onuň maşgalasynyň global üstünligi italýan kämilligi we maşgala bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan dünýäde iň meşhur brendleriň biriniň taryhynyň üstünde işlemek pikirini uly höwes bilen kabul etdik» diýip, «Gaumont» kinostudiýasy belläp geçýär. Taslama 1921-nji ýylda Florensiýada deri ýantorbalarynyň dükany hökmünde dörän «Gucci» moda öýüniň döredilmegine ünsi jemlär.
«TürkmenGazet».