Ählimize mälim bolşy ýaly, Buker baýragy iňlis edebiýatynyň iň abraýly baýraklarynyň biridir. Abraýly baýrak ilkibaşda ol Milletler arkalaşygynyň ýurtlarynyň birinde, Irlandiýada we Zimbabwede ýaşaýan awtora berilýärdi. 2015-nji ýyldan bäri bu baýragy raýatlygyna garamazdan, iňlis dilindäki romanyň islendik awtory alyp bilýär.
«Rbc.ru» nyň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň edebiýat boýunça halkara Buker baýragynyň gysga sanawyna alty dilden terjime edilen eserler girmegi başardy. Terjime edilen eserleriň sanawy edebiýat baýragynyň saýtynda ýerleşdirilendir. Baýragy gazanmak üçin aşakdaky ady agzalan romanlar bäsleşerler:
Itamar Vieira «Crooked Plow»;
Selva Almada «Not a River»;
Jente Posthuma «What I’d rather not think about»;
Jenny Erpenbeck «Kairos»;
Hwan Sok-yong «Mater 2-10»;
Ia Genber «The Details».
Görkezilen eserler 13 kitaby öz içine alýan uzyn sanawdan saýlanylypdyr. Baýragyň ýeňijileri şu ýylyň noýabrynda yglan ediler.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.