SliderTehnologiýa

«Galaxy»-dan täze smartfonlar

12-04-2024 / 142

Smartfon kompaniýalarynyň ägirlerinden biri bolan «Samsung» kompaniýasy Galaxy A55 5G hem-de Galaxy A35 5G smartfonlaryny resmi taýdan hödürländigi barada «rbc.ru» habar berýär.

Täze hödürlenen Galaxy A55 5G we Galaxy A35 5G smartfonlary birmeňzeş displeýe – 2340 x 1080 piksel durulykly we 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,6 dýuýmlyk Super AMOLED paneline eýedir. Şeýle-de, smartfonlaryň ikisiniň hem dizaýny biri-birine meňzeş.

Emma smartfonlaryň korpus materialy tapawutlanýar. Has takygy, Galaxy A55-iň çarçuwasy metaldan, Galaxy A35-iňki bolsa plastikden taýýarlanandyr. Iki smartfon hem tozandan we suwdan IP67 goragyna eýe.

Mundan başga-da, Galaxy A35 we Galaxy A55 modellerinde Galaxy A smartfon hatary üçin ilkinji gezek Samsung Knox Vault tehnologiýasy ulanylýar. Bu tehnologiýa PIN kodlary, parollar ýaly has möhüm şahsy maglumatlary goramaga gönükdirilendir.

Şemşat ILÝASOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu