«Rbc.ru» -nyň habar bermegine görä, Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Oýunlara gatnaşýan bäş yklymy alamatlandyrýan biri-biriniň içinden geçen bäş Olimpiýa halkasy dünýäniň meşhur diňleriniň biri bolan Eýfel diňinde gurnalar.
Her Olimpiadada bäş sany uly halka Oýunlary kabul edýän şäher üçin simwoliki bolan ýerde gurnalýar. Bu halkalar, takmynan, 60 metr beýiklikde, diňiň birinji we ikinji gatlarynyň aralygynda ýerleşdiriler. Mundan başga-da, Eýfel diňi sport ýaryşlarynda-da möhüm roly ýerine ýetirer. Netijede, kenarýaka woleýboly boýunça ýaryş onuň etegindäki Mars meýdançasynda geçiriler.
Trokadero meýdançasynda bolsa «Çempionlar seýilgähi» diýlip atlandyrylýan uly fan-zolak dörediler. Meýdança her gün medal eýeleri köpçüligiň öňüne çykarlar. Tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Fransiýada geçiriler.
Ogulbaýram SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ Agronomçylyk fakultetiniñ Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniñ 3-nji ýyl talyby.