Habarlar

Täze Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi

11-04-2024 / 4

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi. 

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dimitriý Şlapaçenko, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, şeýle-de hünärmenler, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda biragyzdan kabul edilen      «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň hünärmenleriniň wideoýüzlenmelerinde bu kabul edilen Kararnamanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekdäki orny barada durlup geçildi.

Maslahatyň işi bölümçelerde dowam edip, oňa  gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara giňişlikde tutýan orny, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki alyp barýan işleri, derwaýys sebit meseleleri boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary barada nygtadylar.

«Ýurdumyzyň ählumumy başlangyçlarynyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi hem-de «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy ündeýändigine şaýatlyk edýär» diýip, çykyşlarda bellenildi.

Arslan GUWANÇMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu