Meşhur aktýor Daniel Kreýg Jeýms Bond keşbi bilen hoşlaşandan soňra, iňlis aktýory Aaron Teýlor-Jonsona teklip hödürländigi aýan edildi.
Bäşinji «Jeýms Bond», Daniel Kreýgden soň kimiň keşbini ýerine ýetirjekdigi bilesigelijilik meselesi bolup galýar. Öň ady gün tertibinde bolan Aaron Teýlor-Jonsonyň Bond roluny teklip edendigi mälim edildi.
Sosial torlarda artýan myş-myşlar 33 ýaşly aktýoryň bu roly kabul edendigini tassyklaýar, ýöne bu barada entek resmi beýanat berilmedi. Teýlor-Jonson bu roly kabul etse, 26-njy Bond filmi bolar. «Numero» žurnalyna interwýu beren aktýor, Bond keşbini janlandyrmak barada «Men muny ajaýyp öwgi hökmünde kabul edýärin» diýip belläp geçýär.
«TürkmenGazet».