Siziň üçin...Slider

Kitaby nädip okamaly?!

09-04-2024 / 4

Kitap bilimiň, ylmyň gözbaşydyr. Ondaky berilýän maglumatlar ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim ummanyna ynamly aralaşmaga ýardam berýär. Kitaba şeýle iňňän üýtgeşik, dykgat bilen üns berilmegi bolsa onuň adamzadyň durmuşynda deňi-taýy bolmadyk uly ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Kitaby dogry okamagyň, öwrenmegiň özi hem bir sungatdyr. Bu sungatyň inçe syrlary barada birnäçe alymlar öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Olaryň biri-de amerikaly filosof, pedagog Mortimer Adlerdir. Ol 1930-njy ýylda «Kitaby nähili okamaly. Beýik eserleri okamaga gözükdirme» diýen kitaby ýazypdyr. Häzirki döwürde bu kitap nusgawy edebiýatyň gymmatly eseri hasap edilýär. Şol kitapdaky käbir maglumatlara ser salalyň. Olarda kitaplary okamagyň aşakdaky usullary hakynda jikme-jik durlup geçilýär:

– elementar (sada, ýönekeý) okaýyş. Bu endigi biz mekdep ýyllarynda ele alýarys. Ol okap, belli bir maglumatlaryň manysyna düşünmek bilen çäklenýär.

-inspeksion (göz gezdirip) okaýyş. Ilki bilen birinji, soňra yzyndaky, iň soňky sahypalary tiz gözden geçirip, ýol ugruna käbir sözleri, sözlemleri okap, esasy manysyny ele almak, awtoryň esasy pikirini yzarlamak maksat edinilýär. Bu usul wagtyň çäklidigi bilen esaslandyrylýar.

– analitik (seljerme berip) okaýyş. Bu usul tekste doly girişip, onuň mazmunyny ünsli, dykgatly, esasy gerekli ýerlerini bellige almak bilen okamakdan ybaratdyr. Beýle okaýyşda tekstiň mazmuny doly özleşdirilýär.

– barlag-gözleg okaýyş. Ol esasan, ylmy işgärler, ýazyjylar we döredijilik bilen meşgullanýan adamlar tarapyndan peýdalanylýar. Şonda bir wagtyň özünde birnäçe kitap okalyp, öňde durýan meseläniň çözgüdi gözlenilýär ýa-da öz nazary garaýyşlaryň tassyknamasy agtarylýar. Ýokarda atlary agzalan usullaryň ählisi hem kitap okaýanlar üçin ähmiýetlidir.

Üstünlige ymtylýan adam hemişe öz üstünde işleýär, hususan-da, öz bilimlerini, aň-düşünjesini artdyrmak üçin täze bilimleriň, maglumatlaryň gözleginde bolýar. Maglumat serişdeleriniň iň oňaýly çeşmesi bolsa kitap bolup durýar we ençeme asyrlaryň dowamynda şeýle bolmagynda galýar.

Oguljan AHMEDOWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe kitaphanasynyň direktory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu