«Gazeta.ru» -nyň habar bermegine görä, Hindistanyň Mumbaý şäherinde «Miss World» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi mälim edildi. Bu bäsleşige 112 ýurtdan we sebitden gözeller gatnaşyp, bäsleşigiň netijesine görä, 24 ýaşly çehiýaly gözel Kristina Pyşkowa ýeňiji bolmagy başardy.
Kristina Pyşkowa häzirki wagtda ýokary okuw jaýynda hukuk we işewürlik dolandyryşu ugrundan okap ylym alýar. Gözellik bäsleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 9-njy martynda geçirilen bolsa-da, bäsdeşler 18-nji fewralda Hindistana ýygnandylar. Zehin bäsleşiginde Tunisli gözel Imen Merzi ýeňiji boldy. Modelleriň bäsleşiginde Martinika adasyndan Aksel Rene bäsdeşlerinden asgyn gelmegi başardy. Sport synagynda horwatiýaly Lusiýa Begiç birinji orny, iň gowy köýnek bäsleşiginde bolsa efiopiýaly, ABŞ-ly, hindistanly hem-de çehiýaly gyzlar saýlandylar.
Gözellik täjini 2022-nji ýylyň ýeňijisi bolan polşaly «Dünýä gözeli» Karolina Belýawska gowşurdy.
«TürkmenGazet».