Siziň üçin...Slider

Remezan aýynyň gymmaty

09-04-2024 / 6

Oraza hijri ýyl hasabynyň ikinji ýylynda, hezreti Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göçen ýylynda parz edilipdir we şondan bäri hem yslamyň esasyny emele getirýän bäş sütüniň biri hökmünde berjaý edilip gelinýär. Oraza döwründe gelýän, müň aýdan haýyrly hasaplanýan Gadyr gijesi hem bu mukaddes aýyň gymmatlyklarynyň biridir. Mukaddes Gurhanyň hut şu gijede inderilip başlanandygy aýdylýar. Gadyr gijesi aýyň 27-nji gijesine düşýär. “Leýletilgadyr” aýat-süreleriniň hem mübärek gije mynasybetli inderilendigi nygtalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitabynda bellenilişi ýaly, Oraza aýy ýaramaz häsiýetlerden uzaklaşyp, peýdaly endikleri gazanmagyň aýydyr.

Türkmenlerde “Ýagşydan at galar, ýamandan — set” diýlen aýtgy bar. Ýagşy ynsanlaryň haýyrly işleri, ýagşy ýörelgeleri ömrüň tagamyny, ýaşaýşyň we durmuşyň lezzetini artdyrýar. Gadyr gijesi mynasybetli däp bolan günä geçişlik çäresi hem Türkmenistanda Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýan, oňa belent ynam-umydy berkidýän, ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň we rehimdarlygyň nusgasyna öwrülen asylly däp-dessur boldy.

Ynsanyýete nebsiňi terbiýelemek, nebsiňe buýurmak, çydamlylyk, sabyrlylyk we şükürlilik sapagyny berýän Orazanyň dowamynda uzakly gün agzyny beklän adamlar agzaçar wagty gelende, öňüne gelen nygmatlaryň gadyr-gymmatyny, tagamyny has ýiti duýýarlar, şol nygmatlaryň Eýesine şükürli bolýarlar.

Adamlary päkizelige, sahawatlylyga, agzybirlige çagyryjy oraza ybadatyna girişen ildeşlerimize sabyr-takatlylyk dileýäris. Okaýan namazlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz Biribaryň dergähinde kabul bolsun, il-günüň, Watanyň abadanlygynyň, döwletiň kuwwatlylygynyň dilegçileri bolan musulman doganlarymyz!

Gülçemen ŞALAROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu