Mälim bolşy ýaly, 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dürli sport çärelerini her ýyl dabaraly ýagdaýda geçirmek asylly däbe öwrüldi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.
7-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilmegi dabaralaryň esasy badalgasy boldy. Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlan asylly däpleri dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolýar.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem guraldy. «Tegelek stol» maslahatlary, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi. Bu çäreler bilim alýan ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemledi. Bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp, teleradio gepleşikleri taýýarlanyldy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar çap edildi. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň özboluşly baýramçylygy bolany üçin ildeşlerimiz her bir sport çärelerine köpçülikleýin we işjeň gatnaşdylar. Umuman aýdanymyzda, aprel aýy “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” aýy hasaplanylýar.
Şeýlelikde, Bütindünýä saglyk gününde guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly döredijilikli syýasatynyň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri we sport ösüşlere tarap ynamly öňe barýan jemgyýetimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Güljahan NURMYRADOWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň hünärmeni.