Habarlar

Şu gün — Gadyr gijesi!

05-04-2024 / 4

Halkymyz Remezan aýyna, haýyr-sahawatyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn hormat goýup gelýär. Ata-babalarymyz Remezan aýyny aýlaryň seresi, Gadyr gijesini gijeleriň serweri hasaplapdyrlar.

Musulman dünýäsinde bolşy ýaly, türkmen halky hem Remezan aýyna, şol sanda Gadyr gijesine arzuw-umytlaryň hasyl bolýan, rehim-şepagatyň, ynsanperwerligiň dabaralanýan, haýyr-yhsan işleriň rowaçlanýan aýy hökmünde garaýar. Şonuň üçin-de bu aýyň dowamynda asylly işleri, rehim-şepagatlylygy, mukaddes däp-dessurlary has köp berjaý etmäge, süňňümiz we ahlak babatda päklenmäge, ruhy taýdan täzelenmäge aýratyn üns berilýär.

Bu gün – Gadyr gijesi. Şonuň üçin-de bu babatdaky söhbedimizi şu gijäniň hormatyna döwlet derejesinde kabul edilen çözgütden başlasak ýerlikli bolar. Ýakynda, has takygy, 29-njy martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 adamyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Belli-belli senelerde kabul edilýän şeýle çözgüt ýokarda aýdanlarymyza iň aýdyň mysallaryň biridir. Beýle diýmek, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredilýär diýmekdir. Ol ata-babalarymyzyň «Bir ýazykdan är ölmez» paýhasynyň, ak ýürekden toba edeniň günäsini bagyşlamak, onuň jemgyýetde öz ornuny tapmagy üçin alada etmek ýaly ynsanperwer ýörelgesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki dowamydyr.

Remezan aýynyň dowam edýän günlerinde, 27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylmagy-da on bir aýyň soltany bolan Oraza aýyna mynasyp edilen işleriň biri boldy. Onuň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen gabat gelmegi özboluşly sazlaşygy döretdi. Bu ýagdaý halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden nusgalyk ýörelgeleriniň halkara kadalar bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gunçagül NUROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu