Habarlar

Diller dünýä ýol açýar

01-04-2024 / 7

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň guramagynda «Diller dünýä ýol açýar» ady bilen geçirilen iňlis dili hepdeligi üstünlikli jemlendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň beýik terbiýe mekdebini wagyz etmek, şeýle hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak babatda ähmiýetli boldy.

Iňlis dili hepdeliginiň çäklerinde okuw maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklary, şygryýet agşamlary, brain-ring ýaryşy, şeýle hem döredijilik bäsleşikleri ýokary guramaçylykly geçirildi. Ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen guralan bu bäsleşiklere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, «Magtymguly and the present day» diýen temada iňlis dilinde wideo rolik taýýarlamak boýunça bäsleşige ýokary işjeňlik mahsus boldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 45-dan  gowrak talyp gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, edebi mirasynyň, dünýä nusgalyk eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine I, II we III derejeli Diplomlar gowşuryldy.

Şeýle hem «Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usulyýet esasydyr»  atly usulyýet bäsleşigi hakda hem aýratyn bellemek gerek. Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça geçirilen bäsleşik Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymçylyk tejribeligini geçýän talyplarynyň arasynda guraldy. Usulyýet bäsleşigine bu ýokary okuw mekdeplerinden 35-dan  gowrak talyp gatnaşdylar. Bäsleşikde talyplar dünýäniň iň öňdebaryjy mugallymçylyk iş tejribelerini, ylmyň gazananlaryny, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny giňden peýdalanyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Jemläp aýdanyňda, iňlis dili hepdeligi talyplarda daşary ýurt dillerini öwrenmek höwesini, olaryň umumy düşünjesini, pedagogik garaýyşlaryny, medeni aň-bilimini artdyrmakda örän ähmiýetli boldy. Hepdelige gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, giň düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Altyn ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu