SliderTehnologiýa

Ilkinji kompýuterleriň döreýşi

03-04-2024 / 149

Biz ylmyň, tehnikanyň, önümçiligiň, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna döwrebap kompýuterleriň giňden ornaşan döwründe ýaşaýarys. Häzirki döwürde ykdysady, durmuşy we beýleki çygşyrymly meseleleriň çözgüdinde kompýuteri peýdalanmak oňaýly netijesini berýär. Kompýuter tehnologiýasy şu wagta çenli nähili taryhy başdan geçirdikä?! Eýsem, ilkinji kompýuterler nähili bolduka?!

Ilkinji kompýuterler diňe hasaplaýjy görnüşinde peýdalanypdyrlar. Adamlar gadymy döwürlerden başlap, hasaplamalar bilen iş salşyp gelipdirler. Onuň üçin adamlar eliň we aýagyň barmaklarynda, taýajyklardan, daşjagazlardan peýdalanypdyrlar. Soň-soňlar hasap taýajygy ýüze çykypdyr. Kem-kemden hasaplamagyň serişdelerini kämilleşdirmek bilen ýönekeýje hasaplaýjy maşynlary döräp başlapdyr. Kompýuterler ilkibaşda döredilende diňe hasaplaýyş işleri üçin niýetlenen enjam bolupdyr. Olaryň göwrümi örän uly (500 kw metr)  bolupdyr. Ilkinji hasaplaýyş maşynlar elektron lampalardan düzülip, olar birnäçe otaglarda ýerleşipdir, olaryň bahalary örän gymmat bolupdyr, olarda işlemek ýeňil bolmandyr. Wagtyň geçmegi bilen, elekton hasaplaýjy maşynlaryň gurluşynda tranzistorlar, integral shemalar peýdalanyp başlapdyr. Bu bolsa olaryň ölçegleriniň kiçelmegine getiripdir, olaryň hasap ediş tizligi has hem artypdyr. Ýokary derejedäki programma dilleriniň peýda bolmagy bolsa elektron hasaplaýjy maşynlar bilen işlemekligi has hem ýeňilleşdiripdir.

Wagtyň geçmegi bilen, kompýuterler hasaplaýyş enjamlaryndan düýpli tapawutlanýarlar. Eger hasaplaýyş enjamlary diňe käbir hasaplaýyş amallaryny (goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek we şuňa meňzeşler) ýerine ýetirip bilýän bolsalar, kompýuterler adam tarapyndan düzülen programmalar esasynda dürli maglumatlary ýygnamaklyga, saklamaklyga, gaýtadan işlemeklige, ýaýratmaklyga ukyplydyr. Bulardan başga-da, kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçiliginiň giňelmegi bilen, olar san görnüşine berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemeklige ýaramly bolup başlaýar.

Tehnologiýanyň ösmegi bilen kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, surat çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar. Kompýuterleriň stoluň üstünde goýulýan ýa-da göçme enjam hökmünde özbaşdak we ulgamda peýdalanyp bolýan görnüşleri giňden ýaýrandyr. Olar personal (şahsy) kompýuterler diýlip atlandyrylýar. Personal kompýuterleriň görnüşleri näçe köp bolsalar-da, olaryň ählisine mahsus birnäçe umumy häsiýetler bar: olar söhbetdeşlik düzgüninde işlemeklige ukyply, amatly, ölçegleri kiçi, agramy bolsa ýeňil.

Häzirki döwürde ABŞ-nyň IBM korporasiýasynyň döreden International Business Machines Personal Computer şahsy kompýuterleri dünýäniň köp döwletlerinde giňden peýdalanylýar. Bulardan başga-da, şeýle kysymly kompýuterleri dünýäniň ýüzlerçe kompaniýalary öndürýärler. Biziň ulanýan kompýuterlerimiziň aglabasy IBM PC kompýuterleriň düzümine girýän, şeýle hem oňa çatylýan gurluşlar, olar üçin ýazylan programmalar IBM PC kysymly beýleki kompýuterlere hem belli bir derejelerde ýaramlydyr.

Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu