Siziň üçin...Slider

Öýümiziň ýaşyl tebigaty

03-04-2024 / 5

Tebigatyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan güller hakynda gürrüň edilende, elbetde, otag güller göz öňümizde janlanýar. Sebäbi öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly duýgyny bagyş edýär. Adam ösümliklerdir güllere ideg etmek bilen, olardan ruhlanýar, şähdi açylýar. Diýmek, güller diňe bir tebigata bezeg bermän, ynsan saglygyny ruhy taýdan bejeriji häsiýete hem eýedirler. Güller durmuşymyzyň bezegi aýrylmaz bir bölegi, türkmen tebigatynyň owadanlygy. Sebäbi olar ynsan durmuşyny bezeýär, gözelleşdirýär.  Güller goja zeminiň, bagtyýar günlerimiziň, toý-baýramlarymyzyň bezegi. Enelerimiz, gelin-gyzlarymyz hemişe güle meňzedilýär. Diýmek, olar ýagşy niýetleriň päk arzuwlaryň nowjuwanlygyň alamaty.

Ajaýyp güller diňe bir adama ruhy lezzet paýlaman, eýsem, saglygyna hem peýdalydyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, güller näsagyň energetik ulgamyna täsir edip bilýän güýçli biomeýdana eýedirler. Olar edil beýleki ösümlikler ýaly energetiki ulgamy emele getirýän Älemiň bir bölegi bolup, ösýän wagtynda energiýa toplaýarlar. Şeýle-de güller biziň dem alýan otagymyzy kislorod bilen baýlaşdyrýar.

Açyk asmanyň astyndaky baglarda hem-de öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bägülleriň örän köp görnüşi bar. Ýakymly ysy bolandygy üçin bägüliň ýapraklary kosmetika we azyk senagatynda giňden peýdalanylýar. Bägüliň gül ýapraklaryndan şerbet, mürepbe taýýarlanylýar. Güllere seredilende örän seresaply bolmaly. Meselem, käbir güller ýapragyndan iýmitlendirilýär. Olary wagtal-wagtal ýuwup durmaly bolýar. Olary ir säher bilen damjalaýyn ýuwmaly. Sebäbi yssy howada güle suw sepilende Günüň gyzgynlygy sepilen damjany gyzdyryp, ýapragy hem güli guradýar. Şonuň üçin gülleri suwaranyňda seresap bolmaly. Sebäbi güler näzik bolýarlar. Gülleri haýsy usulda ekeniňde-de öz wagtynda barlap görmäge şert döretmeli. Çünki toprak sähel gatap galsa ýa-da ýylylyk çyglylyk ýeterlik bolmasa olar gögermeýär.

Goý, ajaýyp döwrümizde güller biziň hemişe göwünlerimiziň buýsanjyna öwrülsin! Gülleriň bar ýerinde gözellik bar. Şol gözellik ähli adamlaryň köňül buýsanjyna buýsanç goşsun!

Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu