SliderTehnologiýa

Tehnologiýa pikirleniş synaglarynda adamlardan öňe geçýär

03-04-2024 / 133

«Gazeta.ru» -nyň habar bermegine görä, Arkanzas uniwersitetiniň amerikan alymlary akylly çat-bot ChatGPT-niň döredijilikli pikirleniş synaglarynda adamlardan öňe geçýändigini anykladylar.

Bu gözleg «Scientific Reports» ylmy žurnalynda çap edilip, synaga 151 meýletinçi gatnaşypdyr. Meýletinçiler üç synagda GPT-4 neýroulgam modeli bilen «güýç synanyşdylar» ýüp ýa-da wilka ýaly zatlary döredijilikli peýdalanmagy teklip etmek, gipotetiki ýagdaýlaryň bolup biljek netijelerini beýan etmek we manysy boýunça biri-birinden mümkin boldugyça iň uzak 10 sany jyns at tapmak. Jogaplar görnüşleriň sany, uzynlygy we sözleriň arasyndaky many tapawudy bilen bahalandyrylypdyr. Şeýlelikde, awtorlar umumylykda, GPT-4-iň döredijilikli pikirleniş synaglarynyň hersinde adamlara garanyňda, has özboluşly we çylşyrymly pikirleri döredendigine göz ýetirdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu