«Pikabu.ru»-nyň habar bermegine görä, «Honor» kompaniýasy meşhur aktýor Jeki Çanyň kompaniýanyň täze ilçisi bolandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, Jeki Çan aždarha ýylynyň ilçisi bolar.
Kompaniýanyň baş müdiri «Honor» -yň pelsepesinde aždarhanyň diňe bir ýokary derejeli statusy görkezmän, eýsem, hemişe kämillige tarap ymtylýan ýüregi hem alamatlandyrýandygyny nygtapdyr. Jeki Çan ulanyjylar üçin birnäçe tematiki çäreleri gurnap, olara täze hyzmatlary hödürläp, birnäçe täzelikler bilen tanyşdyrar.
«TürkmenGazet».