Habarlar

Türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçirildi

01-04-2024 / 1

Ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahaty hem iki ýurduň hususy düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykardy. Giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy düzüminden we wekillerinden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan, Söwda-senagat edarasynyň hünärmenlerinden, hususy telekeçilerden ybarat wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy.

Iki dostlukly ýurduň hususyýetçileriniň uly toparyny bir ýere jemlän işewürlik maslahaty hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki netijeli gatnaşyklary meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmagy maksat edindi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň başlygy, Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, dostlukly ýurduň birnäçe kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hususyýetçileri gatnaşdylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu