Häzirki döwrüň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň döwri bolmagy bilim bermegiň täze görnüşlerini we ýollaryny oýlap tapmagy talap edýär. Munuň özi döwrebap pedagogiki usulyýetleri ösdürmäge borçlandyrýar. Bilim almak, ylym, döredijilik bilen meşgullanmak üçin döredilýän mümkinçilikler bagtyýarlygyň we rowaçlygyň miwesidir.
Bilim maksatnamalary durmuşa geçirilen mahalynda dürli tehnologiýalaryň, usullaryň, häzirki zaman sanly elektron ulgamlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Çagalar mekdepde iňlis dilini erbet öwrenýärler, sebäbi olaryň maksady ýok bolýar, köpüsine bu näme üçin gerekdigi belli däl. Belli bir derejä ýetenlerinde bolsa şol sebäp boýunça ondan daşa gitmeýärler – mundan beýläk gitmäne maksatlary bolmaýar.
Ýetginjekleriň we ulularyň maksatlary her dürli bolup bilýär. Käbirinde iňlis dilinde gürleýän doslary ýüze çykýar, olar bilen gürrüňdeş bolmak gyzykly, emma kynrak bolýar. Käbirleriň dil bilen bagly bolan işi boýunça geljegi bar bolýar.
Nädip gürläp başlamaly? Diliň esasy baza tapgyrynda eýýäm gürläp synanşsaň bolýa. Bir tarapdan, gürläp başlamany diliň ýagdaýy ýokarlanýança garaşsaň ýalňyş bolar, ikinji tarapdan gürleýşişiňi hem ýokarlandyrmajak bolsanda gowy däl. Esasy mesele – kim bilen gürleşmeli, bu ýerde hemme zat aýrybaşga, umumy maslahatym mende ýok.
Haçan-da dili öwrenjek bolsaňyz hakyky maksatlar bilen özüňizi ugrukdyryň we özüňizi dogry höweslendirjek boluň. Diliň üstinde özüňiz köp işläň, haçan-da sapaklara gatnasaňyz ýa-da taýýarlaýja pul töleseňiz ol bilen siziň bilim ölçegiňiz deň gelýändigi we olar siz özüňize beren wagtyňyz bilen razydygy özüňize takyklap goýuň.
Ogulgül MYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.