Bu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýän, ismi ýylymyza dakylan Magtymguly Pyragynyň “Remezan diýerler aýyň ýagşysyn” diýip taryplan mukaddes aýy dowam edýär.
Remezan aýynyň ilki bellemeli artykmaçlygy onda musulmanlaryň mukaddes kitabynyň, ynsanlara ýol görkeziji, dogrynyň we dogryny egriden aýyrmagyň aýdyň delilleri beýan edilen keramatly Gurhanyň aýatlarynyň inderilip başlanmagydyr. Bu aýyň ady halkyň aňynda oraza bilen hem berk baglanyşykly. “Oraza” sözi iki manyda ulanylýar. Birinjisi, agyz beklemek dessury. Yzyna “aý” sözi goşulanda bolsa, ol oraza parzynyň berjaý edilýän Remezan aýyny aňladýar. VII asyrdan bäri berjaý edilip gelinýän, bedeniň zekady hasaplanýan oraza Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýar. Ynsany nebsiň aşa agdyk isleglerinden we arzuwlaryndan, maddy hyrslardan gorap, onuň mertebesini beýgeldýän oraza ybadaty parz hökmünde şu aýda berjaý edilýär.
Dini çeşmelerde aýdylyşyna görä, Oraza parzy — bu Alla golaýlaşmak üçin ikinji daňdan tä Gün batýança iýmek-içmekden we şehwetden saklanmakdyr. Bu iş musulmana öz takwalygyny bildirmek, ýagny Alla wepaňy, yhlasyňy, ygraryňy mälim etmek, öz-özüňi, nebsiňi we höwes-hyýalyňy ýeňip bilmek üçin buýrulan.
Meret aýynyň 29-yna täze Aý görünse, Remezan aýy giren hasap edilýär we Oraza başlanýar. Baýramda Aý görnende, Oraza tamamlanyp, agyz açylýar. Agyz beklenende we açylanda, iki sany şaýadyň “Aý gördüm” diýip şaýatlyk etmegi hem şert hasaplanypdyr.
Adamlary päkizelige, sahawatlylyga, agzybirlige çagyryjy oraza ybadatyna girişen ildeşlerimize sabyr-takatlylyk dileýäris. Okaýan namazlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Gülbahar GURBANOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.