Siziň üçin...Slider

Ösümlikler näme üçin örän haýal ösýär?!

Sizi gyzyklandyrýan sowallary göz öňünde tutup...

28-03-2024 / 4

Ösümlik näme üçin örän haýal ösýär ýa-da umuman, ösmeýär? Bu köp berilýän soraglaryň biri. Ähli ösümlikler üçin güýz we gyş pasly dynç alyş döwri hasaplanýar. Bu döwürde olaryň uka gidýändigi sebäpli, haýal ösmegi ýa-da umuman, ösmezligi mümkin. Munda gorkuly zat ýok. Eger bu ýagdaý bahar we ýaz aýlarynda hem dowam etse, onda güle mineral maddalaryň, ýagtylygyň ýetmeýändiginden we aşa köp suwarylýandygyndandyr.

Näme üçin güllemeýär? Bu ýagdaýa onuň dynç alyş döwrüniň bozulmagy, mineral maddalaryň gereginden artyk berilmegi ýa-da köp gezek güldanyň çalşylmagy sebäp bolup biler. Eger gülüň topragynyň ýüzünde ýaşyl gatlak emele gelse, onuň topragynda suwuň juda köplüginiň netijesi.

Ýapraklarda dürli tegmiller emele gelse we olar düşüp başlasa, onda ösümligiň az suwarylýandygynyň, eger tegmil düşen ýapraklar guramasa, köp suwarylýandygynyň alamaty. Ýapraklar bürşüp galsa, ösümligiň sowuk ýerde durandygynyň alamaty. Bu ýagdaýda onuň ýerini derrew üýtgetmek gerek.

Otagda idedilýän güller, esasan güýz, gyş paslynda uly ünsi talap edýär. Sebäbi bu döwürde gün gysgalyp, Gün nurunyň kemelýändigi sebäpli, olara ýagtylyk ýetmezçilik edýär. Güller otagda näçe köp bolsa, otagyň howasynyň çyglylyk derejesi kadaly saklanýar. Bu, esasan, gyş paslynda, otagda ýyladyjy enjamlaryň işledilýän döwründe has-da peýdalydyr. Sebäbi ösümlikler howany çyglandyryjy, kislorod bilen baýlaşdyryjy esasy çeşmedir. Otag güllerini idetmekde ýene bir esasy üns bermeli zatlarymyzyň biri hem, olaryň düýbüniň mydama ýumşak saklanmagydyr. Güldandaky topragyň gatamagyna asla ýol bermeli däl. Şeýle-de otag gülleriniň juda näzik bolýandygy üçin, olary dürli zyýanly mör-möjeklerden goramaly.

Elbetde, bu maslahatlar gözelligi bilen gözümizi guwandyrýan gülleriň gowy ösmegi üçin peýdalydyr, ýöne gülleriň has hem görkli bolmagy üçin olara mähir-muhabbet bilen bakmaly. Alymlaryň gelen netijesine görä, güller hem ynsan ýaly syzgyr eken. Hakykatdan hem, güller bilen gürleşip bolýar. Olar öz eýesiniň sözlerini eşidýär. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, olara mähirli ideg etmeli.

Gülbahar HYDYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu