Siziň üçin...Slider

Çeperçilik päkliginiň hem-de ruhubelentligiň beýik nusgasyny dörediji

28-03-2024 / 4

Huan Ramon Himenes 1881-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Ispaniýanyň Moger şäherinde Wiktor Himenesiň hem-de Purifikasýon Mantekon Lopes-Parehonyň maşgalasynda dünýä inýär. Himenes «Liriki şygryýeti bilen ispan poeziýasynda çeperçilik päkliginiň hem-de ruhubelentligiň beýik nusgasyny döredendigi üçin» Nobel baýragyna mynasyp bolan ispan şahyrydyr.

Tankytçylar Himenesiň döredijiligini adatça, üç tapgyra — 1898—1915, 1916—1936, 1937—1958-nji ýyllar aralygyna bölýärler. Döredijiliginiň birinji tapgyrynda ol Bekkeriň romantik lirikasyna, fransuz simwolistleri Bodleriň, Werleniň döredijiligine täsirlenipdir. Ikinji tapgyrda bolsa, ol iňlis dilli şygryýetiň wekilleri Bleýkiň, Şelliniň, Emili Dikinsonyň, Wilýam Batler Ýeýtsiň eserlerinden ylham alyp, galamyny öndümli ýöredipdir. Onuň döredijiliginiň üçünji tapgyry ruhy gözleglere, ýagtylyga ymtylyşa, ispan hyýalbentleriniň däbine ýakynlygy bilen tapawutlanypdyr. Himenesiň Andaluziýa baradaky kiçi göwrümli nowellalardan düzülen «Platerо we men» («Platero y yo», 1914) atly liriki powesti hem-de döwürdeş ýazyjylary hakyndaky «Üç dünýäniň ispanlary» («Españoles de tres mundos», 1942) atly essesi onuň edebi mirasynda aýratyn orny eýeleýär.

Ol ömrüniň bir bölegini syýahatçylyga bagyşlan söz ussadydyr. Himenes, hususanam, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hem-de Fransiýa syýahat edipdir.  1958-nji ýylyň 29-njy maýynda Puerto-Rikonyň Saturs şäherinde dünýä belli ispan şahyry Huan Ramon Himenesiň ömür tanapy üzülýär, ol hut aýalynyň ýogalan hassahanasynda aradan çykýar. Onuň özi ýogam bolsa, dür dänesi deýin gymmatly şygyrlary diňe bir ispan şygryýetiniň däl, eýsem dünýä poeziýasynyň şygyr gaznasynda öçmejek şugla bolup ýalkym saçýar.

Şasenem AŞYRBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu