Remezan aýyny sagdyn geçirmek üçin şertleriň biri-de sagdyn iýmitlenmekdir. Şol sebäpli hökman selärlik edinmek üçin säher bilen iýmitlenmeli. Günüň dowamynda özüňi gowy duýmak üçin selärlikde belokly ýumurtga, peýnir, süýt we gatyk iýilmeli. Selärlikde we iftarda köp suw içmek zerurdyr. Mundan başga-da, duzly iýmitlerden gaça durup, immuniteti güýçlendirmek üçin möwsümleýin miweleri iýmeli.
Ilki bilen iftarda suw içmeli. Suw gaty sowuk ýa-da gaty gyzgyn bolmaly däldir. Şeýle-de, iftara çorba bilen başlamaly. Onuň ýany bilen işdäaçar iýip, gatyk ýa-da süýt içip bilersiňiz. Süýjülik üçin desertleri saýlap bilersiňiz. Şerbetli agyr desertler adamlarda şekeriň aşa köpelmegine sebäp bolup biler.
Iftarda tüwi, makaron we konditer önümleriniň ýerine gara çörek iýmek has ýerliklidir. Et, towuk we balyk iftarda iýilmeli beýleki iýmitlerdir.
Selärlik sagdyn agyz beklemek üçin diýseň möhümdir!
Altyn NARKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.