Habarlar

Ýurdumyzda halkara dabaralara badalga berildi

27-03-2024 / 2

26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

“Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” at­ly mak­sat­na­ma tür­ki halk­la­ryň me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge we ola­ryň mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň özi her ýyl­da tür­ki dil­li ýurt­la­ryň dür­li şä­her­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik ta­ry­hy­na ün­si çek­me­gi, şo­nuň esa­syn­da-da baý me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar we tür­ki halk­la­ryň ta­ry­hyň do­wa­myn­da eme­le ge­len gat­na­şyk­la­ry­na, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da do­wam et­di­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­ýar.

“Hä­zir­ki dö­wür­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk bar­ha ös­dü­ril­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na yg­rar­ly bo­lup, se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar. Bu ugur­da yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň çäk­le­rin­de dün­ýä döw­let­le­ri, aý­ra­tyn-da, tür­ki dün­ýä­niň ýurt­la­ry bi­len me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­my­za aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris” diý­lip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň bu mö­hüm çä­rä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da bel­le­nil­ýär.

Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mil­li gym­mat­lyk­lar bo­lup dur­ýar. Olar hal­kyň ru­hy-ta­ry­hy tej­ri­be­le­ri­ni, türk­men döw­let­li­li­gi­niň bel­li dö­wür­le­ri­ni be­ýan et­mek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan ägirt uly go­şan­dy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Nu­sa­ýyň, Pa­ryz­de­pä­niň, Abi­werd ga­la­sy­nyň, Mä­ne ba­ba­nyň küm­me­ti­niň, Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di­niň we beý­le­ki ta­ry­hy des­ga­la­ryň ýö­ri­te taý­ýar­la­ny­lan şe­kil­le­ri şu gün­ki da­ba­ra aý­ra­tyn be­zeg ber­di. Sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­da teatr ar­tist­le­ri ar­heo­log­la­ryň, şol san­da dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup Änew me­de­ni­ýe­ti­niň üs­tü­ni açan Ra­fael Pam­pel­li­niň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýar­lar. Bu ýer­de ar­heo­lo­gik göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de ta­py­lan ke­ra­mi­ki önüm­ler, ak bug­daý we beý­le­ki­ler gör­ke­zil­ýär.

“Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da su­rat­keş­le­riň, şe­kil­len­di­riş we ama­ly ha­şam sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň, tür­ki halk­la­ryň fo­to­su­rat­çy­la­ry­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bu ser­gi iň go­wy mil­li däp­le­riň esa­syn­da ýur­du­my­zyň bel­li us­sat­la­ry, ýaş ze­hin­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len su­rat eser­le­ri­ni, ha­ly önüm­le­ri­niň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, ke­ra­mi­ka­nyň we heý­kel­ta­raş­ly­gyň nus­ga­la­ry­ny öz içi­ne al­dy. Bul­a­ryň äh­li­si hal­ky­my­zyň hä­zir­ki za­man ta­ry­hy­nyň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­dyr.

Züleýha ŞADYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu