Şu gün — 26-njy martda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çärelere badalga bermek dabarasy geçirilýär.
23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Şu gün badalga aljak wakalara gabatlanyp çapdan çykan bu kitap foruma gatnaşyjy myhmanlara, bütin il-ulsumyza ajaýyp toý sowgady bolar. Eserde, adyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň geçmiş taryhynda mynasyp orny eýeleýän, dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen we dünýäde iň gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde ykrar edilen Änew medeniýeti dogrusynda söhbet açylýar.
2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäheriniň örän baý taryhy bar. Alymlar Änew medeniýetiniň taryhy ýedi müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar diýen netijä geldiler. Ýagny Änew geçmişde ekerançylygyň gülläp ösen, adamzat medeniýetiniň kemala gelen gadymy mekany bolupdyr, muňa bu ýerden tapylan ak bugdaýyň däneleri hem güwä geçýär. Amerikan geology Rafael Pampelliniň 1904-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ekspedisiýasy wagtynda tapylan, ýaşy, takmynan, bäş müň ýyl bolan bugdaý däneleri, keramikadan we faýansdan gap-gaçlar, beýleki ençeme gymmatlyklar häzir Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde saklanýar.
Şu gün — 26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen bagly dabaralara badalga berler. Onuň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, suratkeşleriň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisi guralar. Şeýle-de “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara maslahat, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty guralar. Beýleki çäreleriň hatarynda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahaty, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat hem bar. Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, TDG-ä agza hem synçy ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, döredijilik, ylmy wekiliýetleri ýurdumyza geldiler.
Şükür BEGENJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.