Habarlar

2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

26-03-2024 / 11

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa 86 ýurt awtordaş boldy.

Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň aýdyň tassyklanmasydyr. Şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmegi bilen, diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş halkara bileleşigiň durmuşynda täze döwür başlandy. Munuň özi dünýä diplomatiýasynyň taryhynda täze ädim boldy. Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda, diplomatiýasynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Häzirki döwürde ýurdumyz türkmen Bitaraplygynyň BMG-niň ýörelgelerine hem-de maksatlaryna laýyk gelýändigini, onuň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalaryny amala aşyrmakdaky netijeliligini iş ýüzünde subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky tassyklanmasydyr.

Jemläp aýdanyňda, bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär.

Seýitmurat PAÝZYLLAÝEW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu