Siziň üçin...Slider

Kitapdan gözle haraýy…

22-03-2024 / 3

Her bir kişi öz ene dilini pugta bilmeli. Eýsem, söz baýlygyny artdyrmak üçin näme etmeli? Elbetde, köp söz bilmeli. Köp söz bilmek üçinem kitaby hemra edinmeli.

Kitaplar akylyňy kämilleşdirýär, şol sanda, söz baýlygyňy-da. Dürli hili kitaplary okap, dürli-dürli adalgalara, atlandyrmalara, köne we täze sözlere gabat gelýäris. Şeýle sözleriň manysyny sözlüklerden tapyp, olary ýandepderçämize belläp goýsak, biziň yhlasymyz ýerine düşer. Şol sözlerden ýerlikli peýdalanmaga türgenleşmek hem zerur.

Audio kitaplar hem söz baýlygyny artdyrmaga ýardam edýär. Alymlaryň tassyklamagyna görä, bilimi biz gulagymyzyň üsti bilen alsak, ol aňymyzda has tiz özleşdirilýän eken.

Söz baýlygyny artdyrmagyň başga-da ençeme usullary bar. Ýöne olaryň hemmesiniň açary diňe kitap we okamakdyr. Kitaplar ynsana durmuşda bir maksat tutmaga we kynçylyklary ýeňip geçmäge, olaryň kitapdaky gahrymanlar ýaly durmuşda hem işjeň bolmagyna ýardam berýär. Kitap okaýan çagalaryň sapaklaryny tiz we aňsat özleşdirýändigini hem bellemek gerek.

Şeýle-de, kitap seni diňe ýagşylyga ündeýär.
Kitap – jemgyýete zyýanly, ýaramaz hereketleriň öňüni alýar.
Kitap – ynsanlaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
Kitap – döredijilik ukybyňy kämilleşdirýär.
Kitap – dil öwrenmäge ýardam edýär.
Kitap – pikirleniş endigini ösdürýär.

Bir söz jemlänimizde, kitap – bu biziň bütin durmuşymyzy diňe gowulyga tarap üýtgedip biljek GÜÝÇ!

Oguljan AHMEDOWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe kitaphanasynyň direktory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu