PsihologiýaSlider

Her gün ýerine ýetirip biljek ownuk zatlarymyz

25-03-2024 / 33

Köp adamlar beýnisini yzygiderli türgenleşdirmek isleýärler. Ýöne munuň üçin wagt ýa-da býudjet tapyp bilmeýändiklerinden zeýrenýärler. Siz hem şolardan biri bolsaňyz, her gün ýerine ýetirip biljäýjek ownuk zatlaryňyza göz aýlaň:

Internetdäki habarlary yzarlaň ýa-da gazet okaň! Köp okamaklyk dünýä we ýaşaýan jemgyýetiňiz barada has köp habarly bolmaga ýardam berýär. Şeýle-de, köp okamak beýleki adamlar bilen pikir alyşmaga we oňat pikirleri döretmek üçin peýdalydyr.

Edilmeli işleriňiziň sanawlaryny dörediň! Uzak möhletli we gysga möhletli maksatlaryňyzy sanap geçýän ýeriňizde bellikler dörediň. Bu ýagdaý ileri tutýan ugurlaryňyzy kesgitlemäge kömek eder we maksatlaryňyza ýetmek üçin ilkinji ädim bolar.

Kitapdan bir bap okaň! Her gün bir kitabyň bir bölümini okamaga synanyşyň. Köp adamlar kitap okamaga wagtynyň ýokdugyny öňe sürýärler. Okaýan zatlaryňyz pikir edişiňiz ýaly möhüm däl. Çeper kitaplar başga bir nukdaýnazardan seretmek üçin peýdaly we has analitiki bolup biler. Çeper däl taryhy ýa-da terjimehal kitaplar size köp täze zatlary öwredýär.

Soraglaryňyza jogap tapyň! Pingwinleriň dyzlary barmy? Soraglar näçe geň bolsa-da, kelläňize gelýän her bir soraga jogap tapmaga synanşyň. Bu size dürli ugurlarda bilimiňizi artdyrmaga kömek eder.

Dürli pikirleri synap görüň! Ozal siziň üçin gyzykly bolan mowzugy saýlap, oňa beýleki bir tarapdan seretmäge synanyşyň. Bu size has açyk pikirli we bilesigeliji bolmaga, gündelik wakalar hakda pikirlenmäge mümkinçilik berer.

Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu