Habarlar

Oba hojalygynyň möhüm möwsümine girişildi

22-03-2024 / 3

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçiren mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumlary saýlanyp alyndy. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «Gubadag — 3», «149-F» ýaly, tiz ýetişýän, ýokary hasylly, arassa süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14» görnüşi, toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu gezekki ekiş möwsüminde dürli kysymly traktorlar, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy «John Deere» kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgam bilen enjamlaşdyrylan traktorlar, ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän, soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen ekiji gurallar hem-de gowaça kultiwatorlary peýdalanylar. Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Şol bir wagtyň özünde, etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalar täze ekiş möwsümine taýýarlanyldy. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan we ykdysady taýdan bähbitli bio-önümler bilen üpjün ederler.

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde ýurdumyzyň daýhanlarynyň gowaça ekişine girişmegi oba hojalygynyň möhüm möwsümi bolup, onuň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň girdejiliginiň artmagyna, netijede, raýatlarymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam berer.

Maýa BABANIÝAZOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu