Gözel tebigatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan güller hakynda söhbet açylanda, elbetde, otag gülleri hem göz öňümizde janlanýar. Çünki güýz we gyş aýlarynda – tebigatyň uka gidýän döwründe öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly duýgyny bagyş edýär.
Adam ösümliklerdir güllere ideg etmekden ruhlanyp, şähdi açylýar. Otag güllerini haçan we kimiň ösdürip başlandygy hakynda anyk bir maglumat aýtmak kyn, ýöne bu işe ilkinji bolup gözellik şeýdalary başlangyç beren bolsa gerek. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen aloe, balzamin, begoniýa, geran, limon, kaktus, hytaý bägüli, palma, fikus we beýleki güller otaglarymyzda ýaşyl gülzarlygy emele getirýärler. Otag gülleri, esasan, äpişgäniň öňünde ýerleşdirilýär. Güller öýüň howasyny arassalamak bilen birlikde, ynsan ruhuna hem oňyn täsir edýär
Ösümligiň düýbündäki ýapraklarynyň gurap, dökülip başlamagy ýagtylygyň ýeterlik derejede düşmeýändigi ýa-da howanyň juda yssy bolmagy we köp suwarylmagy netijesinde ýüze çykýar.
Gunçanyň ýa-da gülüniň dökülmegine howanyň guraklygy, suwuň, azodyň ýetmezçilik etmegi we dürli zyýankeşler sebäp bolup bilýär.
Gülleri tiz solýan bolsa, bu ösümlige Gün nurunyň we mineral dökünleriň ýetmezçiliginiň, otagda nemli howanyň agdyklyk edýändiginiň nyşanydyr.
Ýapraklarynyň uçlarynyň saralmagy kalsiý maddasynyň ýetmezçilik etmeginiň, ýeterlik derejede suwarylmaýandygynyň alamaty.
Ýapragynyň we şahalarynyň çüýräp başlamagyna ösümligiň ýerleşýän ýeriniň oňa laýyk gelmeýändigi we topragyň öte yzgarlygy sebäp bolup bilýär.
Otag gülleriňiz mydama gözüňizi guwandyryp, ruhy lezzet paýlasyn!
Aýjemal MÜJEWIROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.